- röwşen
- 1) Ýagty, nurana, lälezar, parlak.∙ Onuň agzy-da enaýy, röwşen gözleri-de elmydama şeýle şelaýyn. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)2) Nur, ýagtylyk.∙ Gözümiň röwşeni, depämiň täji. Döwletli döwranym ýene geldiňmi?! («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)∙ Her öýde Aý dogdy, ýagtyldy jaýy, gözüm röwşen tapar gördügim saýy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.